lundi 20 novembre 1989

turkmène

ÇAGANYŇ HUKUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝA

Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa Giriş
şu Konwensiýa gatnaşyjy döwletler, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda jar edilen ýörelgelere laýyklykda, jemgyýetiň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň, deň we aýrylmaz hukuklaryň ykrar edilmegi Ýer ýüzünde azatlygy, adalatlylygy we parahatlygy üpjün etmegiň esasy bolup durýar diýip hasap edip,
Birleşen Milletleriň Tertipnamada adamyň esasy hukuklaryna, ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna öz ynamyny tassyklandygyny hem-de azatlygyň has köp bolmagynda jemgyýetçilik ilerlemesine we durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam etmäge hyjuwdan doludygyny nazara alyp,
Birleşen Milletler Guramasynyň Adamyň hukuklary hakyndaky ählumumy jarnamada1 Adamyň hukuklarynyň halkara ylalaşyklarynda2 her bir adamyň olarda görkezilen hukuklaryň we azatlyklaryň ählisine jynsy, derisiniň reňki, aýal-erkekligi, dili, dini, syýasy ýa-da beýleki ynamlary, milletiň ýa jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi, emläk ýagdaýy, dogulmagy we beýleki ýagdaýlar ýaly alamatlar boýunça hiç hili tapawutlandyrmatyz eýe bolmalydygyny jar edendigini we munuň bilen ylalaşýandygyny ykrar edip,
Birleşen Milletler Guramasynyň Adamyň hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda çagalaryň aýratyn alada we kömege hukugynyň bardygyny jar edendigini ýatladyp,
maşgalanyň jemgyýetiň esasy öýjügi we onuň agzalarynyň we aýratynda çagalaryň ösmegi we abadançylygy üçin tebigy gurşaw bolandygy sebäpli oňa jemgyýetiň çäklerindäki borçlaryny öz üstüne doly alyp bilmegi üçin zerur goragyň we ýardamyň berilmelidigine ynanyp,
çaganyň şawsyýetiniň doly we sazlaşykly ösmegi üçin maşgala gurşawynda, bagtyýarlyk, söýgi we düşünişmek ýagdaýynda ösmeginiň zerurdygyny ykrar edip,
çaga jemgyýetde özbaşdak ýaşamaga doly taýýarlanylmaly hem-de
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda jar edilen arzylanan pikirleriň ruhunda we aýratyn-da parahatlygyň, mertebäniň, geçirimliligiň, azatlygyň, deňligiň we raýdaşlygyň ruhunda terbiýelenmeli diýip hasap edip,
çaga şeýle aýratyn goragyň zerurlygynyň Çaganyň hukuklarynyň Ženewa jarnamasynda we Baş Assambleýa tarapyndan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul eden Çaganyň hukuklarynyň jarnamasynda göz öňünde tutulandygyny we Adamyň hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynda (hususan-da, 23-nji we 24-nji maddalarda) , Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynda (hususanda 10-njy maddada), şeýle hem çagalaryň abadançylygy bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen edaralaryň we halkara guramalarynyň tertipnamalarynda we degişli resmi kagyzlarynda ykrar edilendigini nazara alyp,
Çaganyň hukuklarynyň jarnamasynda "çaganyň beden we akyl taýdan kämil däldigi sebäpli ýörite goraga we alada, şol sanda doglanyndan öň bolşy ýaly, doglanyndan soň hem degişli hukuk goragyna mätäçdiginiň" görkezilendigini nazara alyp,
Durmuş we hukuk ýörelgeleri hakyndaky jarnamanyň çagalaryň goralmagyna we abadançylygyna, aýratyn-da çagalar terbiýelenmäge berlen we olar ogulluga alnan mahaly olaryň milli we halkara derejelerinde goralmagyna we abadançylygyna degişli ýörelgelerine, Birleşen Milletler Guramasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda adyl sudy amala aşyrmaga degişli bolan Iň pes ulanylmaly standart kadalara ("Pekin kadasyna") hem-de Adatdan daşary ýagdaýlarda we ýaragly dawalar döwründe aýallary we çagalary goramak hakyndaky jarnama salgylanyp,
dünýäniň ähli ýurtlarynda iňňän kyn şertlerde ýaşaýan çagalaryň bardygyny we şol çagalaryň aýratyn garawa mätäçdigini ykrar edip,
çaganyň goralmagy we sazlaşykly ösmegi üçin her bir halkyň däpleriniň we medeni gymmatlyklarynyň möhümligini geregiçe nazara alyp,
her bir ýurtda, hususan-da ösüş ýoluna düşen ýurtlarda çagalaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhümligini ykrar edip,
şular barada ylalaşdylar :
I bölek
1-nji madda
Şu Konwensiýanyň maksatlary üçin çaga diýlende, eger özi barada ulanylýan kanun boýunça ol kämillik ýaşyna has ir ýetmeýän bolsa, 18 ýaşy dolmadyk her bir ynsan göz öňünde tutulýar.
2-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler öz hukuk ygtyýarlarynyň çäklerindäki her bir çaganyň şu Konwensiýada göz öňünde tutulan ähli hukuklaryny jynsy, derisiniň reňki, aýal-erkekligi, dili, dini, syýasy ýa beýleki ynamlary, milleti, etniki asly, jemgyýetiň belli bir gatlagyna digişliligi, emläk ýagdaýy, saglyk ýagdaýy we dogulmagy, ata-enesiniň ýa-da kanuny howandarlarynyň kimdigi ýa bolmasa haýsydyr başga bir ýagdaýlar boýunça haýsydyr bir kemsitmesiz hormatlaýar we üpjün edýär.
2. Gatnaşyjy döwletler çagany onuň, çaganyň ata-enesiniň, kanuny howandarlarynyň ýa-da maşgalanyň beýeki agzalarynyň hukuk ýagdaýy, işi, beýan edýän garaýyşlary ýa-da ynamlary esasynda kemsitmegiň, jezalandyrmagyň ähli görnüşlerinden goramagy üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.
3-nji madda
1. Çagalar baradaky hereketleriň durmuş üpjünçiliginiň meseleleri bilen meşgullanýan döwlet ýa-da hususy edaralar, sudlar, dolandyryş ýa-da kanunçykaryjy edaralar tarapyndan amala aşyrylýandygyna garamazdan, olaryň ählisinde çaganyň bäbitleriniň has oňat üpjün
edilmegine ilkinji nobatda üns berilýär.
2. Gatnaşyjy döwletler çaganyň ata-enesiniň, howandarlarynyň we kanun boýunça onuň üçin jogapkärçilik çekýän beýleki adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny nazara almak bilen, çaga onuň abadançylygy üçin zerur bolan goragy we aladany üpjün etmäge borçlanýar we şu maksat bilen ähli degişli kanunçylyk we dolandyryş çärelerini görýär.
3. Gatnaşyjy döwletler çagalar hakynda alada etmek we olary goramak üçin jogapkär bolan edaralaryň, gulluklaryň ygtyýarly edara tarapyndan, hususan-da, howpsuzlyk we saglygy gojraýyş babatda hemde olaryň işgärleriniň sany we işe ýaramlylygy, şeýle hem ygtybarly gözegçilik babatda bellän talaplaryna laýyk bolmagyny üpjün edýär.
4-nji madda
Gatnaşyjy döwletler şu Konwensiýada ykrar edilen hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan ähli kanunçykaryjylyk, dolandyryş we beýleki çäreleri görýär. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar babatda gatnaşyjy döwletler şeýle çäreleri özlerinde bar bolan serişdeleriň çäklerinde mümkingadar görnüşde we zerur halatda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde görýär.
5-nji madda
Gatnaşyjy döwletler ata-enäniň, degişli halatlarda ýerli däpler bilen göz öňünde tutulan görnüşde giňeldilen maşgalanyň ýa-da jemagatyň, çaga Döwlet çagany onuň ösýän üçin kanun boýunça jogapkärçilik çekýän howandarlaryň we beýleki adamlaryň çaganyň şu Konwensiýada ykrar edilen öz hukuklaryny amala aşyrmagyny degişli suratda dolandyrmak we oňa ýolbaşçylyk etmek hem-de muny çaganyň ösýän ukyplaryna laýyklykda etmek baradaky jogapkärçiligini, hukuklaryny we borçlaryny hormatlaýar. ukyplaryna laýyklykda terbiýelemek işinde ata-enäniň we giňeldilen maşgalanyň hukuklaryny we jogapkärçiligini hormatlamaly.
6-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler her bir çaganyň ýaşamak üçin aýrylmaz hukugynyň bardygyny ykrar edýär.
2. Gatnaşyjy döwletler çaganyň diri galmagyny we sagdyn ösmegini mümkingadar derejede üpjün edýär.
7-nji madda
1. Çaga doglandan soň dessine bellige alynýar we onuň doglan pursatyndan başlap adynyň we raýatlygynyň bolmagyna hukygy, şeýle hem bu mümkin bolan derejede öz ata-enesini bilmäge hukugy we olaryň alada etmegine hukugy bar.
2. Gatnaşyjy döwletler şu hukuklaryň öz milli kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny we şu ugurdaky halkara resmi kagyzlaryna laýyklykda öz borçnamalarynyň, hususan-da, başgaça bolanda çaganyň raýatlygy bolmadyk halatda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
8-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň öz aýratynlygyny, şol sanda raýatlygyny, adyny maşgala gatnaşyklaryny kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly saklap galmak hukugyny hormatlamaga, bikanun gatyşma ýol bermezlige borçlanýar.
2. Eger çaga öz aýratynlygynyň unsurlarynyň bir böleginden ýa-da ählisinden mahrum bolsa, gatnaşyjy döwletler oňa öz aýratynlygyny tizden-tiz dikeltmek üçin zerur kömegi we goragy üpjün edýär.
9-njy madda
1. Gatnaşyjy döwletler öz ata-enelerinden olaryň isleginine garşy aýra düşmezligini üpjün edýär, ygtyýarly edaralaryň sud çözgüdine laýyklykda ulanarlykly kanuna we amallara laýyklykda şeýle aýra düşmegiň çaganyň has oňat bähbitleri üçin zerurdygyny kesgitlän halatlary muňa girmeýär. Şeýle kesgitleme ol ýa-da beýleki anyk halatda, mysal üçin, ata-ene çaga rehimsiz çemeleşende ýa-da ol barada alada etmände ýa bolmasa ata-ene aýry ýaşanda we çaganyň ýaşajak ýeri barada çözgüt kabul etmek zerur bolanda gerek bolup biler.
2. Şu maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda islendik seljermäniň barşynda ähli dahylly taraplara seljermäge gatnaşmaga we öz nukdaýnazaryny beýan etmäge mümkinçilik berilýär.
3. Gatnaşyjy döwletler ata-enesiniň biri ýa-da ikisi bilen-de aýra düşýän çaganyň ata-enäniň ikisi bilen-de şahsy gatnaşyklary we göni duşuşyklary yzygiderli esasda saklamak hukugyny hormatlaýar, munuň şeýle edilmegi çaganyň iň oňat bähbitlerine laýyk gelmeýän halatlar muňa girmeýär.
4. Şeýle aýra düşmek gatnaşyjy döwlet tarapyndan kabul edilen haýsydyr bir çözgütden gelip çykýan halatlarda, mysal, üçin ata-enäniň biri ýa-da ikisi-de ýa çaga tussag edilende, türmä salnanda, ýurtdan iberilende, ýurtdan göçürilende ýa-da ölende (şol sanda şol adam döwletiň garamagynda bolan wagtda ýüze çykan ölüm) mahaly ýüze çykan halatlarda şeýle gatnaşyjy döwlet ata-enä, çaga ýa-da bu zerur bolsa, maşgalanyň başga bir agzasyna olaryň haýyşy boýunça arada ýok maşgala agzasynyň/agzalarynyň bolýan ýeri hakyndaky zerur maglumatyň berilmegi çaganyň abadançylygyna zyýan ýetirmeýän bolsa, şol maglumaty berýär. Gatnaşyjy döwlet soňra şeýle haýyş bilen ýüz tutmagyň özüniň degişli adam/adamlar üçin zyýanly amatsyz netijelere eltmezligini üpjün edýär.
10-njy madda
1. Gatnaşyjy döwletiň 9-njy maddanyň 1-nji bölümine laýyklykdaky borçnamasyna laýyklykda, çaganyň ýa-da onuň ataenesiniň maşgalanyň birleşmegi maksady bilen gatnaşyjy döwlete gilmegi ýa ondan gitmegi hakyndaky arza gatnaşyjy döwletler oňyn, ynsanperwerlikli we çalt garamaly. Gatnaşyjy döwletler soňra şeýle haýyşyň edilmeginiň arza berijiler we olaryň maşga agzalary üçin amatsyz ýagdaýlara eltmezligini üpjün edýär.
2. Ata-enesi dürli döwletlerde ýaşaýan çaganyň aýratyn ýagdaýlardan başga halatlarda ata-enäniň ikisi bilen-de şahsy gatnaşyklary saklamaga we göni gatnaşykda bolmaga hukugy bar. Şu maksat bilen we gatnaşyjy döwletleriň 9-njy maddanyň 2-nji bölümi boýunça borçnamalaryna laýyklykda, gatnaşyjy döwletler çaganyň we onuň ata-enesiniň islendik ýurdy, şol anda öz ýurduny terk etmek we öz ýurduna gaýdyp barmak hukugyny gormatlaýar. Islendik ýurdy terk etmek hukugy babatda diňe döwlet howpsuzlygyny, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny ýa-da ahlagyny ýa bolmasa beýleki adamlaryň azatlyklaryny wşe hukuklaryny goramak üçin zerur bolan hem-de şu Konwensiýada ykrar edilen beýleki hukuklara laýyk gelýän çäklendirmeler hereket edýär.
11-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çagalaryň serhediň aňyrsyna bikanun geçirilmegine we şol ýerden getirilmezligine garşy göreşmek üçin çäreleri görýär.
2. Şu maksat bilen, gatnaşyjy döwletler ikitaparlaýyn ýa-da köptaraplaýyn ylalaşyklaryň baglaşylmagyna ýa bolmasa ulanylýan ylalaşyklara goşulmaga ýardam edýär.
12-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler öz garaýyşlaryny kesgitlemäge ukyply bolan çaga şol garaýyşlary çaga degişli meseleleriň ählisi boýunça erkin beýan etmek hukugyny üpjün edýär, özi-de çaganyň garaýyşlaryna çaganyň ýaşyna we kämilligine görä degişli üns berilýär.
2. Şu maksat bilen, çaga, hususan-da, özüne degişli bolan islendik sud ýa-da dolandyryş seljermesiniň barşynda pikiriniň ýa-ha göniden ýa-da wekiliň ýa bolmasa degişli edaranyň üsti bilen milli kanunlaryň amal kadalaryna laýyk tertipde diňlenilmegine mümkinçilik berilýär.
13-nji madda
1. Çaganyň öz pikirini erkin beýan etmäge hukugy bar; bu hukuk islendik görnüşdäki maglumaty we pikiri serhetlere garamazdan, dilden, ýazmaça ýa çap edilen görnüşde, sungat eserleri görnüşde ýa-da çaganyň seçip almagy boýunça beýleki serişdeleriň kömegi bilen gözlemek, almak we bermek azatlygyny öz içine alýar.
2. Şu hukugyň amala aşyrylmagy käbir çäklendirmelere sezewar edilip bilner, emma şol çäklendirmeler diňe kanunda göz öňünde tutulan we aşakdaky maksatlar üçin zerur bolan çäklendirmeler bolup biler:
a) beýleki adamlaryň hukuklaryny we mertebesini hormatlamak üçin; ýa-da
b) döwlet howpsuzlygyny ýa-da jemgyýetçilik tertibini ýa bolmasa ilatyň saglygyny ýa ahlagyny goramak üçin.
14-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň pikiriň, wyždanyň we diniň azatlygy üçin hukugyny hormatlaýar.
2. Gatnaşyjy döwletler ata-enäniň we degişli halatlarda kanuny howandarlaryň çaganyň öz hukuklaryny amala aşyrmagynda oňa çaganyň ösýän ukyplaryna laýyk gelýän usullar bilen ýolbaşçylyk etmek hukugyny we borçlaryny hormatlaýar.
3. Öz dinine ýa mezhebine uýmak azatlygy babatda diňe kanun bilen bellenilen hem-de döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň azatlygyny we saglygyny goramaga ýa-da beýleki
adamlaryň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga zerur bolan çäklendirmeler ulanylyp bilner.
15-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň birleşmek azatlygy we parahat ýygnaklar azatlygy üçin hukugyny ykrar edýär.
2. Şu hukugy amala aşyrmak babatda kanuna laýyklykda ulanylýan we demokratik jemgyýetde döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň azatlygyny we saglygyny goramak ýa-da beýleki adamlaryň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny goramak üçin zerur bolan çäklendirmelerden başga haýsydyr bir çäklendirmeler ulanylyp bilinmez.
16-njy madda
1. Hiç bir çaganyň özüniň şahsy durmuş, maşgala durmuşy, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi ýa hat-habarlaryň gizlinligi üçin hukugynyň amala aşyrylmagyna idinsiz ýa-da bikanun gatyşylmaly däl ýa bolmasa onuň abraýyna we mertebesine bikanun hyýanatlyk edilmeli däl.
2. Çaganyň şeýle gatyşmakdan ýa-da hyýanat edilmeginden kanunyň goramagyna hukugy bar.
17-nji madda
Gatnaşyjy döwletler köpçülikleriýin habar beriş serişdeleriniň möhüm täsirine düşünýär we dürli milli we halkara çeşmelerinden maglumatlaryň, aýratyn-da çaganyň jemgyýetçilik, ruhy we ahlak
abadançylygyna, şeýle hem beden we akyl-huş taýdan sagdyn bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilen maglumatlaryň çaga elýeter bolmagyny üpjün edýär. Şu maksat bilen, gatnaşyjy döwletler:
a) köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çaga üçin jemgyýetçilik we medeni taýdan peýdaly bolan we 29-njy maddanyň äheňine laýyk gelýän maglumatlary we habarlary ýaýratmaga höweslendirýär;
b) dürli medeni, milli we halkara çeşmelerinden şeýle maglumatlary we habarlary taýýarlamak, alylşmak we ýaýratmak babatda halkara hylzmatdaşlygyny höweslendirýär;
c) çagalar üçin edebiýatyň çykarylmagyny we ýaýradylmagyny höweslendirýär;
d) haýsydyr bir azlyk toparyna ýa-da ýerli ilata degişli bolan çaganyň dil hajaitlaryna aýratyn üns bermäge köpçülikleýin habar beriş serişdelerini höweslendirýär;
e) 13-nji we 18-nji maddalaryň düzgünlerini nazara almak bilen, çagany onuň abadançylygyna zyýan ýetirýän maglumatlardan we habarlardan goramagyň degişli ýörelgeleriniň işlenilip
taýýarlanylmagyny höweslendirýär.
18-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň terbiýelenmegi we ösmegi üçin iki ata-enäniň-de umumy we deň jogapkärçilik çekmegi hakyndaky ýörelgäniň ykrar edilmegini üpjün etmek üçin elinden gelen tagallalary eder. Ata-ene ýa-da degişli halatlarda kanuny howandarlar çaganyň terbiýelenmegi we ösmegi üçin esasy jogapkärçilik çekýär. Çaganyň has oňat bähbitleri olaryň esasy alada edýän zadydyr.
2. Şu Konwensiýada beýan edilen hukuklaryň amala aşyrylmagyny kepillendirmek we oňa ýardam etmek maksady bilen, gatnaşyjy döwletler ata-enä we kanuny howandarlara çagany terbiýelemek boýunça öz borçlaryny olaryň ýerine ýetirmeginde olara degşli kömek berýär we çagalar edaralarynyň sanynyň köpelmegini üpjün edýär.
3. Gatnaşyjy döwletler ata-enesi işleýän çagalaryň özleri üçin niýetlenilen çagalara seredýän gulluklardan we edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga hukugynyň bolmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýär.
19-njy madda
1. Gatnaşyjy döwletler çagany ata-eniniň, kanuny howandarlaryň ýa-da çaga hakyndaky alada edýän islendik beýleki adamyň beden ýada akyl-huş zorlugynyň, masgaralanmagyň, hyýanatly peýdalanmagyň, aladanyň bolmazlygyndan ýa-da aýawsyz çemeleşmegiň, gödek çemeleşmegiň ýa-da gazanç üçin, şol sanda zyna işlerinde peýdalanmagyň ähli görnüşlerini ulanmagyndan goramak maksady bilen, zerur bolan ähli kanunçykaryjylyk, dolandyryş, jemgyýetçilik we aň-bilim çärelerini görýär.
2. Şeýle gorag çäreleri zerur bolan halatlarda çagalara we olar hakynda alada edýän adamlara zerur goldawy bermek üçin durmuş maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin, şeýle hem çaga rehimsiz çemeleşmegiň ýokarda görkezilen halatlary bilen baglanyşykly öňüni almagyň we ýüze çykarmagyň, habar bermegiň, garamaga bermegiň, bejermegiň we soňraky çäreleri görmegiň beýeki görnüşlerini amala aşyrmak, şeýle hem zerur halatlarda sud amallaryny gozgamak üçin netijeleri çäreleri-de öz içine alar.
20-nji madda
1. Öz maşgalasyndan wagtlaýyn ýa-da hemişelik mahrum bolan ýa-da özüniň iň oňat bähbitleri üçin maşgalada bolmagyny dowam edip bilmeýän çaganyň döwlet tarapyndan berilýän aýratyn goraga we kömege hukugy bar.
2. Gatnaşyjy döwletler şeýle çaga garawyň bolmagyny öz milli kanunlaryna laýyklykda üpjün edýär.
3. Şeýle garaw, hususan-da, yslam hukugy boýunça "kafala" usulynda tebiýelenmäge bermegi, ogulluga alynmagy, zerur halatlarda çagalara garaw edilýän degişli edara ýerleşdirmegi öz içine alyp biler. Usullara garalan mahaly çagany terbiýelemekde dowamlylygyň we onuň aslynyň, haýsy dine we medeniýete degişlidiginiň we ene diliniň geregiçe nazara alynmagy zerur.
21-nji madda
Ogullyga almagyň bar bolan tertibini ykrar edýän ýa-da oňa ygtyýar berýän gatnaşyjy döwletler çagalaryň bähbitleriniň has oňat derejede ilkinji nobatda nazara alynmagyny üpjün edýär we olar:
a) çaganyň ogullyga alynmagyna diňe ygtyýarly edilen häkimiýetleriň rugtsat bermegini üpjün edýär, şol edaralar ogullyga almagyň çaganyň öz ata-enesi, garyndaşlary we kanuny howandarlary baradaky hukuk ýagdaýy sebäpli ýol bererliklidigini we talap edilen halatda dahylly adamlaryň ogullyga alynmagyna zerur bolup biljek geňeşdarlyk esasynda oýlanyşykly razylygy berendigini ulanarlykly kanunlara we amallara laýyklykda hem-de işe degişli bolan we ähtibarly ähli maglumatlar esasynda kesgitleýär;
b) eger çaga ony terbiýelemegi ýa-da ogullyga almagy üpjün edip biljek maşgala terbiýelenmäge berlip ýa-da maşgala ýerleşdirilip bilinmese we çaganyň asylky ýurdunda oňa haýsydyr bir amatly garawyň üpjün edilmegi mümkin däl bolsa, çaganyň beýleki ýurtda ogullyga alynmagyna çaga seretmegiň ulanarlykly usuly hökmünde garalyp boljakdygyny ykrar edýär;
c) çaga beýleki ýurtda ogullyga alnan halatda ýurduň içinde ogullyga alnan halatda ulanylýanlar ýaly kepillendirmeleriň we kadalaryň ulanylmagyny üpjün edýär;
d) beýleki ýurtda ogullyga alnan halatda çaganyň ýerleşdirilmeginiň şol adam bilen baglanyşykly delillendirilmedik maliýe amatlyklarynyň alynmagyna eltmezligini üpjün etmek maksady
bilen ähli zerur çäreleri görýär;
e) zerur bolan halatlarda şu maddanyň maksadynyň hasyl bolmagyna ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertleşikleriň ýa ylalaşyklaryň baglaşylmagy arkaly ýardam edýär hem-de şu esasda çaganyň beýleki ýurtda ýerleşdirilmegini ygtyýarly häkimiýetleriň ýada edaralaryň amala aşrymagyny üpjün etmäge çalyşýar.
22-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler bosgunyň hukuk ýagdaýyny almak isleýän ýa-da ulanarlykly halkara ýa-da içerki hukuklara we amallara laýyklykda bosgun hasap edilýän, ýanynda ata-enesi ýa islendik beýleki adam bolan ýa-da bolmadyk çaga şu Konwensiýada we ýokarda görkezilen döwletler gatnaşyjylary bolan adamyň hukuklary baradaky beýleki halkara resmi kagyzlarynda beýan edilen ulanarlykly hukuklary peýdalanmakda degişli goragy we ynsanperwerlik kömegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýär.
2. Şu maksat bilen, gatnaşyjy döwletler muny zerur hasap eden mahaly Birleşen Milletler Guramasynyň we şeýle çagany goramakda we oňa kömek bermekde hem-de islendik bosgun çaganyň ata-enesini ýa beýleki maşdgala agzalaryny çaganyň maşgalasy bilen birleşmegi üçin zerur bolan maglumatlary almak üçin tapmakda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki ygtyýarly halkara guramalarynyň ýa-da hökümetdäl guramalarynyň islendik tagallalaryna ýardam berýär. Ata-enesi ýa-da beýleki maşgala agzalary tapylyp bilinmeýän halatlarda şol çaga haýsydyr bir sebäp boýunça öz maşgalasyndan hemişelik ýa wagtlaýyn aýra düşen islendik çaga şu Konwensiýa laýyklykda berilýän ýayly gorag berilýär.
23-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler akyl ýa-da beden taýdan kemis bolan çaganyň onuň mertebesini üpjün edýän, onuň özüne ynanmagyna ýardam edýän we onuň jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmagyny aňsatlaşdyrýan şertlerde doly manyly we mynasyp durmuşda ýaşamalydygyny ykrar edýär.
2. Gatnaşyjy döwletler kemis çaganyň aýratyn alada edilmegine hukugyny ykrar edýär hem-de serişdeler bolan şertlerde muňa hukugy bolan çaga we ol hakynda alada etmek üçin jogapkärlere haýyş edilen hem-de çaganyň durkuna hem-de onuň ata-enesiniň ýa çaga hakynda aladany üpjün edýän beýleki adamlaryň ýagdaýyna laýyk bolan kömegiň berilmegini höweslendirýär we ony üpjün edýär.
3. Kemis çaganyň aýratyn hajatlaryny ykrar etmek bilen, şu maddanyň 2-nji bölegine laýyk kömek ata-enäniň ýa çaga hakyndaky aladany üpjün edýän beýleki adamlaryň maliýe serişdelerini nazara almak bilen, mümkin boldugyça mugt berilýär hem-de kemis çaga bilim, hünär taýýarlygy, saglygy goraýyş kömegi, saglygyny dikeltmek, zähmet işine taýýarlanmak babatdaky hyzmatlaryň netijeli elýeter bolmagyny hem-de dynç alyş serişdeleriniň çaganyň jemgyýetçilik durmuşyna mümkin boldugyça has doly çekilmegine we onuň şahsyýetiniň ösmegine, şol sanda çaganyň medeni we ruhy taýdan ösmegine ýardam berýän görnüşde elýeter bolmagy maksady bilen amala aşyrylýar.
4. Gatnaşyjy döwletler kemis çagalaryň keselleriniň öňüni almak, akyl-huş we herekete ukyplylyk babatda bejerilmegi boýunça degişli magumatlaryň, şol sanda dikeltmegiň, umumy bilim bermek we günär taýýarlygy babatdaky maglumatlaryň gatnaşyjy döwletlere şu ugurdaky öz mümkinçiliklerini we bilimlerini gowulandyrmaga we tejribesini giňeltmäge mümkinçilik bermek maksady bilen alşylmagyna halkara hyzmatdaşlygy ruhunda ýardam berýär. Şunuň bilen baglanyşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlaryň hajatlaryna aýratyn üns berilmeli.
24-nji madda
1. Gantaşyjy döwletler çaganyň saglygy goraýyş ulgamynyň has kämil hyzmatlaryndan we keselleri bejermegiň hem-de saglygy dikeltmegiň şonuň ýaly serişdelerinden peýdalanmak hukugyny ykrar edýär. Gatnaşyjy döwletler hiç bir çaganyň saglygy goraýyş ulgamynyň şonuň ýaly hyzmatlarynyň elýeter bolmagy baradaky öz hukugyndan mahrum bolmazlygyny üpjün etmäge çalyşýar.
2. Gatnaşyjy döwletler şu hukugyň doly amala aşyrylmagyny gazanýar we hususan-da, şular üçin zerur çäreleri görýär:
a) bäbekleriň ölmeginiň we çagalaryň ölmeginiň derejelerini peseltmek;
b) ähli çagalara zerur saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini we olaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek, şunda ilkinji saglygy goraýyş-arassaçylyk kömeginiň kämilleşmegine ilkinji nobatda üns bermek;
c) kesellere we doýa garna iýmezlige garşy, şol sanda ilkinji saglygy goraýyş-arassaçylyk kömegini bermegiň çäklerinde, şol sanda aňsat elýeter tehnologiýalary ulanmak we ýeter ýokumly iýmit we arassa agyz suwuny bermek arkaly, şunda daş-töweregiň hapalanmagynyň howp we töwekgelçilik döredýändigini nazara almak;
d) enelere çaga dogurmakdan öňki we soňky döwürlerde saglygy goramak boýunça degişli hyzmatlary üpjün etmek;
e) jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, hususan-da, ata-eneleriň we çagalaryň çagalaryň saglygy we iýmiti, ene süýdi bilen emdirmegiň artykmaçlygy, beden tämizligi, çaganyň daş-töwereginiň arassaçylygy we betbagtçylyk hadysalarynyň öňüni almak hakynda habarly bolmagy, şeýle hem bilimiň olara elýeter bolmagy we şeýle bilimleri peýdalanmakda olara kömek bermek;
f) aň-bilim işini hem-de öňüni alyş saglygy goraýşy we maşgala agzalarynyň sanyny öňünden çaklamagy ösdürmek .
25-nji madda
Gatnaşyjy döwletler özüne seredilmegi, goralmagy ýa-da beden ýa akyl-huş taýdan bejerilmegi üçin ygtyýarly edaralar tarapyndan howandarlyk edilmäge ýerleşdirilen çaganyň oňa berlen bejerişe we çaga şeýle howandarlyk etmek bilen baglanyşykly ähli beýleki şertlere wagtly-wagtynda baha berilmegi baradaky hukyugyny ykrar edýär.
26-njy madda
1. Gantaşyjy döwletler her bir çaganyň jemgyýetçilik üpjünçiliginiň eşretlerinden, şol sanda durmuş ätiýaçlandyrmasyndan peýdalanmak hukugyny ykrar edýär hem-de şu hukugyň milli kanunlara laýyklykda doly amala aşyrylmagyny gazanmak üçin zerur çäreleri görýär.
2. Şol eşretler zerurlyga görä, bar bolan serişdeler hem-de çaganyň we ony ekläp-saklamak üçin jogapkärçilik çekýän adamlaryň mümkinçilikleri, şeýle hem çaganyň ýa-da onuň adyndan eşretleriň alynmagy bilen baglanyşykly islendik pikirler nazara alnyp üpjün edilýär.
27-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler her çaganyň beden, akyl, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik taýdan ösmegi üçin zerur ýaşaýyş derejesine hukugyny ykrar edýär.
2. Ata-ene (ýa olaryň biri) ýa-da çagany terbiýeleýän beýleki adamlar çaganyň ösmegi üçin zerur bolan durmuş şertlerini öz ukyplarynyň we maliýe mümkinçilikleriniň çäklerinde üpjün etmek üçin esasy jogapkärçilik çekýär.
3. Gatnaşyjy döwletler çagalary terbiýeleýän ata-enelere we beýleki adamlara şu hukugy amala aşyrmakda kömek bermek boýunça zerur çäreleri öz milli şertlerine we öz mümkinçilikleriniň çäklerinde görýär hem-de zerurlyk ýüze çykan halatda maddy kömek berýär we maksatnamalary, aýratyn-da iýmit, geýim we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek babatda goldaýar.
4. Gatnaşyjy döwletler çaganyň ata-eneleriň ýa-da çaganyň ösmegi üçin maliýe jogapkärçiik çekýän beýleki adamlaryň çaganyň ekläp saklamagyny gatnaşyjy döwletiň içinde bolşy ýaly, daşary ýurtda hem dikeltmegi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýär. Hususan-da, eger çaga üçin maliýe jogapkärçilik çekýän adam we çaga dürli ýurtlarda ýaşaýan bolsa, gatnaşyjy döwletler halkara ylalaşyklaryna goşulmaga ýa-da şeýle ylalaşyklaryň baglaşylmagyna, şeýle hem beýleki degişli şertleşikleriň gazanylmagyna ýardam edýär.
28-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň bilim almak hukugyny ykrar edýär we şu hukugyň amala aşyrylmagyny kem-kemden gazanmak maksady bilen olar, hususan-da:
a) mugt we hökmany başlangyç bilimi girizýär;
b) hem umumy, hem hünärment orta bilimiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegini höweslendirýär, onuň ähli çagalar üçin elýeter bolmagyny üpjün edýär hem-de mugt bilimi girizmek we zerur bolanda maliýe kömegini bermek ýaly zerur çäreleri görýär;
c) ýokary bilimiň her kimiň ukyplaryna laýyklykda hemmelere elýeter bolmagyny ähli zerur serişdeleriň kömegi bilen üpjün edýär;
d) bilim we hünär taýýarlygy babatdaky maglumatlaryň we beýleki habarlaryň ähli çagalar üçin elýeter bolmagyny üpjün edýär;
e) mekdeplere yzygideri gatnalmagyna hem-de mekdebi taşlan çagalaryň sanynyň azalmagyna ýardam etmek boýunça çäreleri görýär.
2. Gatnaşyjy döwletler mekdep düzgün-nyzamynyň çaganyň ynsan mertebesini hormatlamagy beýan edýän usullaryň kömegi bilen we şu Konwensiýa laýyklykda üpjün edilmegini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görýär.
3. Gatnaşyjy döwletler bilime degişli meseleler boýunça, hususanda, bütin dünýäde nadanlygy we sowatsyzlygy ýok etmäge we ylmytehniki bilimleriň hem-de okatmagyň häzirkizaman usullarynyň elýeter bolmagyny üpjün etmäge ýardam etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Şunuň bilen boglanyşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlaryň hajatlaryna aýratyn üns berilmeli.
29-njy madda
1. Gattaşyjy döwletler çaganyň biliminiň şu ugurlara gönükdirilmelidigi bilen yalalaşýar:
a) çaganyň şahsyýetini, onuň zehinini hem-de akyl we beden ukyplaryny ösdürmek;
b) adamyň hukuklaryna we esasy azatlyklaryna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda jar edilen ýörelgelere sarpa goýmagy terbiýelemek;
c) çaganyň ata-enesine sarpa goýmagy, onuň medeni özboluşlygyna, diline we gymmatlyklaryna, çaganyň ýaşaýan ýurdunyň, onuň asylky ýurdunyň milli gymmatlyklaryna we onuň özüniňkiden tapawutlanýan medeniýetleriň gymmatlyklaryna sarpa goýmak;
d) çagany erkin jemgyýetde düşünişmek, parahatlyk, geçirimlilik, aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy we ähli halklaryň, etniki, milli we dini toparlaryň, şeýle hem ýerli ilatdan bolan adamlaryň arasynda dostlugyň ruhunda akylly-başly ýaşamaga taýýarlamak;
e) daş-töwerekdäki tebigaty hormatlamagy terbiýelemek.
2. Şu maddanyň ýa-da 28-nji maddanyň hiç bir bölegi aýry-aýry adamlaryň ýa-da edaralaryň şu maddanyň 1-nji bölüminde beýan edilen ýörelgeleri yzygiderli berjaý etmek hem-de şeýle okuw jaýlarynda berlen bilimiň okuw jaýlarynyň döwlet tarapyndan bellenilmegi mümkin bolan iň pes kadalara laýyk bolmagy baradaky talaby ýerine ýetirmek şerti bilen, olaryň okuw jaýlaryny döretmek we olara ýolbaşçylyk etmek azatlygyny çäklendirýän hökmünde düşündirilmeýär.
30-njy madda
Etniki, dini ýa-da dil azlyklary ýa-da ýerli ilatdan adamlar bolan döwletlerde şeýle azlyklara ýa-da ýerli ilata degişli bolan çaganyň öz toparynyň beýleki agzalary bilen öz medeniýetini peýdalanmak, öz dinine uýmak we onuň dessurlaryny berjaý etmek, şeýle hem ene dilini ulanmak hukugy iňkär edilip bilinmez.
31-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň dynç alyş we güýmenmek hukugyny, oýunlara we göwün açýan, öz ýaşyna laýyk gelýän çärelere gatnaşmak hem-de medeni durmuşa gatnaşmak we sungat bilen meşgullanmak hukugyny ykrar edýär.
2. Gatnaşyjy döwletler çaganyň medeni we döredijilk durmuşa hemmetaraplaýyn gatnaşmak hukugyny hormatlaýar we höweslendirýär we medeni we döredijilik işi, dinç alyş we güýmenje üçin degişli hemde deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegine ýardam berýär.
32-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler çaganyň ykdysady taýdan ezilmekden hemde onuň saglygy üçin howply bolup biljek ýa-da onuň bilim almagyna bökdenç bolup biljek, ýa bolmasa onuň saglygyna hem-de beden, akyl, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik ösüşine zyýan ýetirip biljek islendik işi ýerine ýetirmekden goranmak üçin hukugyny ykrar edýär.
2. Gatnaşyjy döwletler şu maddany durmuşa geçirmek üçin kanunçykaryjylyk, dolandyryş we jemgyýetçilik çärelerini, şol sanda bilim babatdaky çäreleri görýär. Şu maksat bilen, beýleki halkara resmi kagyzlaryň degişli düzgünlerini goldanyp, gatnaşyjy döwletler, hususan-da,:
a) işe kabul etmek üçin iň kiçi ýaş derejesini ýa derejelerini belleýär;
b) iş gününiň dowamlylygy we zähmetiň şertleri hakynda zerur talaplary kesgitleýär;
c) şu maddanyň netijeli amala aşyrylmagy üçin jezanyň degişli görnüşlerini we beýleki temmi çärelerini göz öňünde tutýar.
33-nji madda
Gatnaşyjy döwletler çagalaryň halkara şertnamalarynda neşe serişdeleri we psihotrop maddalar diýilip kesgitlenilen neşeleri we maddallary bikanun sarp etmekden goramak hem-de çagalaryň şeýle maddalaryň bikanun öndürilmeginde we söwdasynda ulanylmagyna ýol bermezlik üçin ähli zerur çäreleri, şol sanda kanunçykaryjylyk, dolandyryş we jemgyýetçilik çäreleri, şeýle hem bilimi babatdaky çäreleri görýär.
34-nji madda
Gatnaşyjy döwletler çagalary zyna işlerinde gazanç çeşmesi hökmünde ýlanmakdan we zynada ýoýulmalardan goramaga borçlanýar. Şu maksat bilen, gatnaşyjy döwletler, hususan-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerde şu aşakdakylaryň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görýär:
a) çagany islendik bikanun zyna işine göwnetmek ýa-da mejbur etmek;
b) çagalary jelepçilikde we bikanun zyna işleriniň beýleki görnüşlerinde gazanç çeşmesi hökmünde peýdalanmak;
c) çagalary şerimsiz şekillendirişde we şerimsiz sekillendirişde gazanç çeşmesi hökmünde peýdalanmak.
35-nji madda
Gatnaşyjy döwletler çagany gazanç çeşmesi hökmünde ulanmagyň çaganyň hal-ýagdaýynyň islendik jähtine zyýan ýetirýän ähli görnüşlerinden goraýar.
37-nji madda
Gatnaşyjy döwletler şulary üpjün edýär:
a) hiç bir çaganyň gynamalara we çemeleşmegiň ýa-da jezalandyrmagyň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni peseldýän beýleki görnüşlerine sezewar edilmezligini. Boşatmak mümkinçiligini göz öňünde tutmaýan ölüm jezasy-da, ömürlik tussaglyk-da ýaşy 18-den kiçi bolan adamlar tarapyndan edilen jenaýatlar üçin bellenilmeýär;
b) hiç bir çaga bikanun ýa-da idinsiz görnüşde azatlykdan mahrum edilip bilenmezligini. Çaganyň tussag etmek, gorag astynda ýa-da türme tussaglygynda saklamak kanuna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de diňe aňrybaş çäre hökmünde we mümkin boldugyça gysga bolan degişli döwrüň dowamynda ulanylýar;
c) azatlykdan mahrum edilen her bir çaganyň ynsanperwerlikli çemeleşmeden we öz şahsyýetiniň aýrylmaz mertebesiniň ýaşyna laýyklykda gormatlanylmagyndan peýdalanmagyny. Hususan-da, muny etmek çaganyň has oňat bähbitleri üçin zerur däl diýlip hasap edilenlerden başga halatlarda, azatlykdan mahrum edilen her bir çaga uly ýaşlylardan aýry saklanylmaly we onuň aýratyn ýagdaýlardan başga halatlarda öz maşgalasy bilen hat alyşmak we görme-görüşler arkaly gartnaşyk saklamaga hukugy bar;
d) azatlykdan mahrum edilen her bir çagada hukuk we beýleki degişli kömegiň haýal etmän elýeter bolmagyna hukugynyň, şeýle hem özüniň azatlykdan mahrum edilmeginiň kanunylygyny suduň ýa-da başga bir garaşsyz we tarapgöýçiliksiz ygtyýarly edaranyň öňünde iňkär etmek hukugynyň we islendik şonuň ýaly amaly hereket barada olaryň çözgüdi gaýaragoýmasyz kabul etmegi üçin hukugynyň bolmagyny.
38-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýaragly dawalar halatynda özleri barada ulanarlykly bolan we çagalara degişli kadalaryny hormatlamaga we olaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge borçlanýar.
2. Gatnaşyjy döwletler ýaşy 15-e ýetmedik adamlaryň harby hereketlere göni gatnaşmazlygyny üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýär.
3. Gatnaşyjy döwletler ýaşy 15-e ýetmedik islendik adamyň öz ýaragly güýçlerine çagyrylmagyndan saklanýar. 15 ýaşy dolan, ýöne 18 ýaşy dolmadyk adamlaryň arasyndan esgerlige alnan mahaly gatnaşyjy döwletler has uly ýaşly adamlaryň ileri tutulmagyna çalyşýar.
4. Özüniň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýaragly dawalar mahaly raýatlar bolan ilaty goramak bilen baglanyşykly borçnamalaryna laýyklykda, gatnaşyjy döwletler ýaragly dawa bilen gurşalan çagalary goramagy we olara garawy üpjün etmek maksady bilen mümkin bolan ähli çäreleri görýär.
39-njy madda
Gatnaşyjy döwletler äsgermezligiň, sütem etmegiň ýa-da hyýanatlyklaryň, gynamalaryň ýa-da islendik beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa mertebäni kemsidýän çemeleşmegiň islendk görnüşleriniň pidasy bolan çaganyň beden we akyl-huş taýdan özüni almagy we jemgyýetçilik durmuşyna täzeden goşulyşmagy üçin ähli zerur çäreleri görýär. Şeýle özini almak we täzeden goşulyşmak çaganyň saglygyny, öz-özüne sarpa goýmagyny we mertebesini duýmagyny üpjün edýän şertlerde amala aşyrylmaly.
40-njy madda
1. Gatnaşyjy döwletler jenaýat kanunlaryny bozan, ony bozmakda aýyplanylýan ýa-da günäkär diýlip ykrar edilen diýlip hasap edilýän her bir çaganyň onda mertebe we ähmiýetlilik duýgusyny ösdürmäge ýardam edýän, adamyň hukuklaryna we esasy azatlyklaryna sarpany pugtalandyrýan we çaganyň ýaşyny nazara alýan hem-de onuň täzeden goşulyşmagyna we jemgyýetde peýdaly orun eýelemegine ýardam etmegine isleg bildirilýän çemeleşmä hukugyny ykrar edýär.
2. Şu maksalara eýerip hem-de halkara resmi kagyzlarynyň degişli düzgünlerini nazara alyp, gatnaşyjy döwletler, hususan-da, şulary üpjün edýär:
a) hiç bir çaganyň hereket ýa-da hereketsizlik amala aşyrylan mahaly milli ýa-da halkara hukugy boýunça gadagan bolmadyk bolsa, şeýle hereket ýa hereketsizlik sebäpli jenaýat kanunyny bozan diýlip hasap edilmezligini, ony bozmakda aýyplanylmazlygyny we günäkär diýlip ykrar edilmezligini;
b) jenaýat kanunyny bozan hasap edilýän ýa-da ony bozmakda aýyplanylýan her bir çaga juda bolmanda şu kepillendirmeleriň üpjün edilmegini:
i) günäsizlik ýörelgesi, onuň günäsi kanuna laýyklykda subut edilýänçä;
ii) özüne bildirilýän günäler babatda oňa haýal etmän we hut özüne we zerur halatlarda onuň ata-enesine ýa kanuny howandarlaryna habar bermek hem-de özüni goramaga taýýarlanmak we goranmagy amala aşyrmak mahaly hukuk kömegini we zerur bolan beýleki kömegi almak;
iii) garalýan mesele boýunça garaşsyz we tarapgöýçiliksiz ygtyýarly edaranyň ýa-da sud edarasynyň kanuna laýyklykda adalatly diňlemäniň barşynda aklawjynyň ýa başga bir degişli adamyň bolmagynda we munuň özi çaganyň has oňat bähbitlerine ters gelýän diýlip hasap edilmeýän bolsa, hususan-da, onuň ýaşyny ýa-da onuň ataenesiniň ýa kanuny howandarlarynyň ýagdaýyny nazara almak bilen çözgüdiň gaýragoýulmasyz kabul etmegi;
iv) şaýatlyk görkezmelerini bermäge we günäni boýun almaga mejbur etmekden azatlyk; aýyplaýjy şaýatlaryň görkezmelerini ýa-ha özbaşdak, ýa-da beýleki adamlaryň kömegi bilen öwrenmek hemde goraýjy şaýatlaryň deň hukukly gatnaşmagyny we olaryň görkezmelerini öwrenmegi üpjün etmek;
v) eger çaga jenaýat kanunlaryny bozan diýlip hasap edilýän bolsa, degişli çözgüde we şunuň bilen baglanyşykly görlen islendik çärelere ýokarda durýan garaşsyz we tarapgöýçiliksiz ygtyýarly edaranyň ýa sud edarasynyň gaýtadan garamagy;
vi) eger çaga ulanylýan dile düşünmeýän bolsa ýa-da onda geplemeýän bolsa, terjimeçiniň mugt kömegi;
vii) seljerişiň ähli tapgyrlarynda çaganyň şahsy durmuşynyň doly hormatlanylmagy.
3) Gatnaşyjy döwletler jenaýat kanunlaryny bozan hasap edilýän, ony bozmakda aýyplanylýan ýa ony bozandygy ykrar edilýän çagalara göni dahylly bolan kanunlaryň, amallaryň, edaralaryň we guramalaryň bellenilmegine, hususan-da, şulara ýardam etmäge çalyşýar:
a) çagalar jenaýt kanunlaryny bozmaga ukyply däl diýlip hasap edilýän iň kiçi ýaş derejesini bellemäge;
b) zerur we islenilýän halatda şeýle çagalara çemeleşmek boýunça çäreleri sud seljermesini adamyň hukuklaryny we hukuk kepillendirmelelirini doly berajaý etmek şerti bilen görmek.
4. Garaw etmek, howandarlyk we gözegçilik hakyndaky düzgünnama, geňeşdarlyk hyzmatlary, synag möhletini bellemek, terbiýelemek, okuw we hünärment taýýarlygy maksatnamalary hem-de garaw etmegiň edarada garaw etmegiň ornuny tutýan beýleki görnüşleri ýaly dürli çäreleriň çaga çemeleşmegiň onuň abadançylygyna, şeýle hem onuň ýagdaýyna we jenaýatyň häsiýetine laýyk gelýän usulyny üpjün etmek maksady bilen ulanylmagy.
41-nji madda
Şu Konwensiýada hiç bir zat çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagyna has köp derejede ýardam edýän we:
a) gatnaşyjy döwletiň kanunlarynda; ýa-da
b) halkara hukugynyň şu döwlet barada ulanylýan kadalarynda bolmagy mümkin islendik düzgünlere täsir etmeýär.
II bölek
42-nji madda
Gatnaşyjy döwletler Konwensiýanyň ýörelgeleri we düzgünleri hakynda uly ýaşdakylary bolşy ýaly, çagalary-da degişli we täsirli serişdeleri ulanyp giňden habarly etmäge borçlanýar.
43-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletleriň şu Konwensiýa laýyklykda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde gazanylan ilerlemä garamak üçin, Çaganyň hukuklary baradaky komitet döredilip, onuň ýerine ýetirýän wezipeleri aşakda göz öňünde tutýlýar.
2. Komitet ýokary ahlak sypatlaryna hem-de şu Konwensiýa bilen gurşalýan ugurda ykrar edilen blilm-başarnyga eýe bolan on bilermenden ybarat. Komitetiň agzalaryny gatnaşyjy döwletler öz raýatlaryndan saýlaýar we olar şahsyýet hökmünde hereket edýär, özide geografik taýdan adalatly wekilçilige, şeýle hem esasy hukuk ulgamlarynyň wekilçiligine üns berilýär.
3. Komitetiň agzalary gatnaşyjy döwletleriň teklip eden adamlarynyň sanawyna goşulan adamlardan gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Her bir gatnaşyjy döwlet öz raýatlaryndan bir adamy hödürläp biler.
4. Ilki başda Komitete saýlawlar şu Konwensiýa güýje giren günden soň alty aýdan gijä galynman, soňra bolsa - iki ýylda bir gezek geçirilýär. Saýlawlaryň her biriniň gününe azyndan iki aý galanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş serketary öz hödürleýän adamlaryny iki aýyň dowamynda görkezmek teklip edilýän hat bilen gatnaşyjy döwletlere ýüz tutýar. Soňra Baş sekretar şeýlelikde
hödürlenilen adamlaryň olary hödürlän gatnaşyjy döwlet görkezilen elipbiý tertibindäki sanawyny düzýär we şol sanawy şu Konwensiýa gartnaşyjy döwletlere berýär.
5. Saýlawlar gatnaşyjy döwletleriň Baş sekretar tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi edaralarynda çagyrylýan maslahatynda geçirilýär. Çözgüt kabul etmäge ygtyýarly bolmagy üçin gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň üçden ikisiniň gatnaşmagy zerur bolan şol maslahatlarda gatnaşyjy döwletleriň ses bermekde bolan we ses bermäge gatnaşan wekilleriniň sesleriniň has köp sanyny ýa-da aglaba köpüsini alanlar Komitetiň düzümine saýlanylan bolup durýar.
6. Komitetiň agzalary dört ýyllyk möhlete saýlanylýar. Olaryň gaýtadan hödürlenilen halatynda täzeden saýlanylmaga hukugy bar. Ilkinji saýlawlarda saýlanylýan bäş agzanyn ygtyýarlary iki ýyllyk döwrüň ahyrynda tamamlanýar, şol bäş agzanyň atlaryny masslahatyň başlygy ilkinçji saýlawlardan soň dessine bije boýunça kesgitleýär.
7. Komitetiň haýsydyr bir agzasy ölen ýa-da iş başyndan aýrylan ýa bolmasa ol Komitetiň agzasynyň borçlaryny haýsydyr bir sebäp boýunça mundan bu ýana ýerine ýetirip bilmeýän halatda Komitetiň şol agzasyny hödürlän gatnaşyjy döwlet öz raýatlaryndan başga bir bilermeni Komitetiň makullamagy şert bilen, galan möhlete belleýär.
8. Komitet öz amal kadalaryny belleýär.
9. Komitet öz wezipeli adamlaryny iki ýyllyk möhlete saýlaýar.
10. Komitetiň mejlisileri adatça Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi edaralarynda ýa-da Komitet tarapyndan kesgislenilen, amatly bolan başga bir islendik ýerde geçirilýär. Komitet öz mejlislerini adatça, her ýyl geçirýär. Komitetiň mejlisiniň dowamlylygyny kesgitlemek we zerur bolanda oňa täzeden çaramak Baş Assambleýa makullan şertde, şu Konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň maslahatynda amala aşyrylýar.
11. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Komitetiň şu Konwensiýa laýyklykda öz wezipelerini netijeli amala aşyrmagy üçin zerur işgärleri we maddy serişdeleri üpjün edýär.
12. Şu Konwensiýa laýyklykda döredilen Komitetiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň serişdelerinden Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanylan tertipde we şertlerde hak alýar.
44-nji madda
1. Gatnaşyjy döwletler Konwensiýada ykrar edilen hukuklary berkitmek boýunça öz gören çäreleri hakynda we şol hukuklary amala aşyrmakda gazanylan ilerleme hakynda dokladlary Komitete Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň üsti bilen aşakda görkezilen möhletlerde bermäge borçlanýar:
a) Konwensiýa degişli gatnaşyjy döwlet üçin güýje gireninden soň iki ýylyň dowamynda;
b) soňra her bäş ýylda.
2. Şu madda laýyklykda berilýän dokladlarda şu Konwensiýa boýunça borçnamalaryň ýerine eýetirilmeginiň derejesine täsir edýän şertler we kynçylyklar bolsa, şolar görkezilýär. Dokladlarda şeýle hem Konwensiýanyň şol ýurtda hereket edişine doly düşünmäge Komitete mümkinçilik berýän ýeterlik maglumatlar hem bolýar.
3. Komitete ilki başdaky hemmetaraplaýyn doklady beren gatnaşyjy döwletiň şu maddanyň 1b bölünine laýyklykda berilýän dokladlarda öň beýan edilen esasy maglumatlary soňraky dokladlarda gaýtalamagy zerur däl.
4. Komitet şu Konwensiýanyň amala aşyrylyşyna degişli goşmaça maglumatlaryň berilmegini gatnaşyjy döwletlerden sorap biler.
5. Komitetiň işi hakyndaky dokladlar iki ýylda bir gezek Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşiniň üsti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna berilýär.
6. Gatnaşyjy döwletler öz dokladlarynyň öz ýurtlarynda giňden aýan edilmegini üpjün edýär.
45-nji madda
Konwensiýanyň netijeli amala aşyrylmagyna ýardarm bermek hem-de şu Konwensiýa bilen gurşalýan ugurda halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek maksady bilen:
a) ýöriteleşdirilen edaralar, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralary şu Konwensiýanyň olaryň ygtyýarlarynyň çygryna girýän düzgünleriniň amala aşyrylyşy baradaky meselelere garalanda wekilleriniň bolmagyna haklydyr. Komitet zerur hasap eden mahaly ýöriteleşdirilen edaralaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň ygtyýarlarynyň çygryna girýän ugurlarda şu Konwensiýanyň amala aşyrylyşy barada bilermenleriň netijenamalaryny bermegi olara teklip edilip biler. Komitet ýöriteleşdirilen edaralaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň ygtyýarlarynyň çygryna girýän ugurlarda şu Konwensiýanyň amala aşyrylyşy barada dokladlary bermegi olar teklip edip biler.
b) Komitet maksada laýyk hasap eden mahaly, gatnaşyjy döwletleriň tehniki geňeşdarlyk ýa-da kömek soralýan ýa munuň zerurdygy görkezilen islendik dokladlaryny, şeýle hem Komitetiň şeýle haýyşlar we salgylanmalar baradaky belliklerini we tekliplerini ýöriteleşdirilen edaralara, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasyna we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralaryna iberip biler;
c) Komitet çaganyň hukuklaryna degişli aýry-aýry meseleler boýunça barlagyň Baş sekretaryň adyndan geçirilmegini oňa teklip etmegi barada Baş Assambleýa ündeme girizip biler;
d) Komitet şu Konwensiýanyň 44-nji we 45-nji maddalaryna laýyklykda alynýan maglumatlar esasynda umumy häsiýetli teklipleri we ündemeleri girizip biler. Umumy häsiýetli bolan şeýle teklipler we ündemeler islendik dahylly gatnaşyjy döwlete iberilýär we olar barada gatnaşyjy döwletleriň bellikleri bar bolsa, şolar bilen bilelikde Baş Assambleýa habar edilýär.
III bölek
46-njy madda
Şu Konwensiýa oňa ähli döwletleriň gol çekmegi üçin açyk.
47-nji madda
Şu Konwensiýa tassyklanylmaga degişli. Tassyklaýyş hatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna saklanylmaga berilýär.
48-nji madda
Şu Konwensiýa islendik döwletiň oňa goşulmagy üçin açyk. Goşulmak hakyndaky resmi kagyzlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna saklanylmaga berilýär.
49-njy madda
1. Şu Konwensiýa tassyklaýyş hatynyň ýa-da goşulmak hakyndaky resmi kagyzyň ýigriminjisi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna saklanylmaga berlen seneden soň otuzynçy günde güýje girýär.
2. Tassyklaýyş hatynyň ýa-da goşulmak hakyndaky resmi kagyzyň ýigriminjisi saklanylmaga berlenden soň su Konwensiýany tassykaýan ýa-da oňa goşulýan her bir döwlet üçin Konwensiýa şol döwlet tassyklaýyş hatyny ýa-da goşulmak hakyndaky resmi kagyzyny saklanylmaga bereninden soň otuzynjy günde güýje girýär.
50-nji madda
1. Islendik gatnaşyjy döwlet düzedişi teklip edip we ony Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna hödürläp biler. Baş sekretar soňra teklip edilen düzedişi gatnaşyjy döwletlere iberip, şol tekliplere garamak we olar boýunça ses bermegi geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy döwletleriň konferensiýasyny çagyrmagyň tarapdarydygyny ýa-da däldigini mälim etmegi haýyş edýär. Eger şeýle habarnamanyň senesinden başlap dört aýyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň azyndan üçden biri şeýle konferensiýany çagyrmagyň tarapdarydygyny mälim etse, Baş sekretar şol konferensiýany Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygy astynda geçirýär. Şol konferensiýada wekilleri bolan we ses bermäge gatnaşan gatnaşyjy döwletleriň köplügi tarapyndan kabul edilen islendik düzediş Baş Assambleýa tassyklamak üçin berilýär.
2. Şu maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda kabul edilen düzediş Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ony tassyklanyndan we gatnaşyjy döwletler ony sesleriň üçden ikisi bilen kabul edeniden soň güýje girýär.
3. Düzediş güýje giren mahaly ol ony kabul eden gatnaşyjy döwletler üçin hökmany bolýar, beýleki gatnaşyjy döwletler üçin bolsa şu Konwensiýanyň düzgünleri hem-de olar tarapyndan kabul edilen
islendik öňki düzedişler hökmany bolmagynda galýar.
51-nji madda
1. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary döwletleriň tassyklamak ýa-da goşulmak pursatynda öňe süren şertlendirmeleriniň tekstlerini kabul edýär we ähli döwletler iberýär.
2. Şu Konwensiýanyň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelmeýän şertlendirmä ýol berilmeýär.
3. Şertlendirmeler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna iberilen degişli habarnama bilen islendik wagtda aradan aýrylyp bilner, ol bolsa bu barada ähli döwletlere habar berýär. Şeýle habarnama Baş sekretar ony alan günde güýje girýär.
52-nji madda
Islendik gatnaşyjy döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna ýazmaça habarnama ibermek arkaly şu Konwensiýanyň güýjüni ýatyryp biler. Güýjüni ýatyrmak Baş sekretar habarnamany alandan soň bir ýyldan güýje girýär.
53-nji madda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary şu Konwensiýanyň saklaýjysy bellenilýär.
54-nji madda
Şu Konwensiýanyň iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerindäki tekstleri birmeňzeş güýje eýe bolan asyl nusgasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna saklanylmaa berilýär.
Muňa güwä geçmek hökmünde aşakda gol çeken öz degişli hökümetleri tarapyndan geregiçe ygtyýarly edilen wekiller şu Konwensiýa gola çekdi.

Aucun commentaire: